SPORT

Martines “Barselona” golaýlaýar

Italiýanyň “Inter” toparynyň hüjümçisi Lautaro Martinez Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçmekçi bolýar. Onuň bu toparda ýylda 12 million ýewro aýlyk aljakdygy mälim edilýär. Şeýle hem oýunçy aýlykdan daşary hem dürli pul sylaglary alýar.

Öňümizdäki hepdelerde “Barselona” topary bu futbolçynyň transferiniň bahasy babatda “Inter” topary bilen ylalaşar. Häzirki maglumatlara görä, bu transferi bahasynyň 111 million ýewro deň bolmagyna garaşylýar. Ispan topary onuň bahasynyň arzanladylmagy üçin gepleşikler geçirýär. “Barselona” 90 million ýewro hödürläp, gapdalyndan futbolçylaryny hödürlemek işleýär.

“Barselona” Lautaro üçin öz oýunçylaryndan Arturo Widal we Nelson Semedany we 60 million ýewro teklip etdi, ýöne “Inter” bu teklibi oňlamady.

22 ýaşly Martinez 2018-nji ýylda “Inter” toparyna Argentinadan geldi. Bu möwsümde Lautaro 31 duşuşykda oýnap, 16 gezek tapawutlamagy başardy.

Ýene-de okaň

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary 10-njy gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri