TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Marsyň ilkinji reňkli suraty we dikuçaryň üçünji uçuşy

ABŞ-nyň “NASA” awiasiýa we kosmos gullugy “Ingenuity” dikuçary uçuş wagtynda düşürilen Mars planetasynyň reňkli suratyny görkezdi. Suratda planetanyň üsti we “Perservance” marsohodyň geçen yzlary görünýär.

“Dikuçaryň uçuş wagtynda düşürilen Mars planetasynyň ilkinji reňkli suraty” diýip, guramanyň wekili belläp geçýär.

Şeýle hem guramanyň habar bermegine görä, bu dikuçar planetada nobatdaky üçünji uçuşyny amala aşyrdy. Bu gezek dikuçar 50 metr uçup, tizligi sekuntda 2 mil bolupdyr. Guramanyň belleýşi ýaly, bu görkeziji diňe Marsdaky öňki iki uçuş bilen deňeşdirilende däl, eýsem Ýerdäki synaglar bilen hem rekord hasaplanylýar. “Ingenuity” dikuçary 5 metr beýiklige uçupdyr we gyzyl planetanyň täze ak-gara reňkli suratlary Ýere iberipdir. Geljekdäki günlerde “NASA” guramasy “Ingenuity” dikuçaryny Mars planetasynyň üstünden uçuşa iberer.

 

Nika bozulandan soňra çaga bilen onuň ýakynlarynyň gatnaşyk saklamaga bolan hukugy barada

 

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle