TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Marsýal “Sewilýa” toparyna kärende berildi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Antoni Marsýal Ispaniýanyň “Sewilýa” toparyna kärendesine berildi. Soňky döwürde Marsýal “Mançester Ýunaýted” toparynyň esasy düzüminde meýdança çykmady we ol ätiýaçda galdy.

26 ýaşyndaky fransiýaly futbolçy şu möwsümiň ahyryna çenli ispan toparyna kärendesine berildi.

Iki toparyň arasynda 5 million ýewro möçberinde geleşik baglaşyldy. Marsýal “Sewilýa” toparynda 22-nji belgide çykyş edýär. Ispan topary futbolçynyň zähmet hakyny öz üstüne aldy.

Marsýal Angliýa milli çempionatynda 8 duşuşykda oýnap, 1 gol geçirdi.

Fransuz futbolçy bilen “Barselona”, “Atletiko” we “Ýuwentus” toparlary gyzyklandy. Marsýal 2015-nji ýylda “Monako” toparyndan “Mançester Ýunaýted” toparynda 60 million ýewro geçipdi.

 

Türkmenistan sanjym geçirmekde Hytaý bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle