TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Marsa syýahatyň bahasy…

Ýene alty-ýedi ýyldan Marsa syýahat edip ýa-da ymykly göçüp gidip bolar. Häzirlikçe täsin eşidilýän hem bolsa, bu başa barmajak täzelik däl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «SpaceX» älem giňişligi şereketi eýýäm bu syýahatyň bahasyny hem takmynan kesgitledi. Şereketiň ýolbaşçysy Elon Maskyň aýtmagyna görä, Marsa syýahat etmegiň bahasy garaşylanyndan elýeterli bolar. Ýagny bir gezeklik gidiş-gelişiň 500 müň dollardan hem arzan boljakdygy aýdylýar.

Şereket ýolagçylary Marsa gatnatjak «Starship» älem gämisiniň gurluşygyna hem girişdi. Elon Mask bolsa sosial aragatnaşyk ulgamlaryndan özüne berlen sowallara jogap berýär. Onuň aýtmagyna görä, bu syýahatyň bahasy geljekde 100 müň dollara çenli gelip biler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle