Marsa iki günde ýetip bolarmy?

Ýer bilen Marsyň aralygynda 55 million kilometrlik ýoluň bardygyny ylym bireýýäm subut etdi. Ýöne adamzada haçan hem bolsa bir wagt bu aralygy örän gysga wagtda, mysal üçin, iki günde geçmek başardarmyka? Öz-ä, bolaýjak ýaly!

Ynha, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Energetika ministrliginiň Prinston Plazma fizikasy barlaghanasynyň (PPPL) alymy Fotima Ibrohimiý günlerde bir gün adamlary Mars planetasyna alyp çykjak täze termoýadro raketasyny hödürledi.

Onuň hödürlän taslamasynyň hereketlendirijisi bilen adam Marsa iki güne galyp-galman ýetip biler. Çünki bu hereketlendiriji sekuntda 500, sagatda bolsa 1,8 million kilometr tizlik bilen hereket edip biler. Bu bolsa häzirki zaman älem gämileriniň iň ýynmadynyň tizliginden hem 10 esse köpdür.

Alymda bu açyş baradaky ilkinji pikirleriň özünde 2017-nji ýylda peýda bolandygyny aýdýar. Häzir bolsa bu taslama doly diýen ýaly taýýar. Kim bilýär, bir gün…

 

Okap bilersiňiz  Tepe Türkmen’in inşa ettiği Cam Fabrikası: Türkmen Lideri Projeleri İnceledi

 

Meşhur kompýuter oýny satyldy