JEMGYÝET

Marokkoda migrasiýa maslahaty

2018-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Marokko Patyşalygynyň Marrakeş şäherinde Birleşen Milletler guramasynyň Baş Sekretarynyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygynyň, 150-den gowrak BMG-niň agza döwletleriniň,  şol sanda ýurdumyzyň wekiliýetiniň, şeýle hem halkara guramalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň howandarlygynda migrasiýa meseleleri boýunça ýokary derejeli Hökümetara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda “Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda” Ählumumy Ylalaşyk kabul edildi. Bu halkara resminamasy BMG-niň “Bosgunlar we migrantlar hakyndaky Nýu-Ýork Jarnamasyna” laýyklykda halkara migrasiýa degişli ähli meseleleri we çemeleşmeleri özünde jemleýän, BMG-niň taryhynda kabul edilen ilkinji Ählumumy Ylalaşykdyr. Bu Ylalaşyk BMG-niň düzgünnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, halkara konwensiýalara we ylalaşyklara hem-de beýleki halkara resminamalara, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýar hem-de migrasiýa meseleleriniň dünýä döwletleri tarapyndan geljekde has netijeli dolandyrylmagyna gönükdirilen 23 sany maksatdan ybarat bolup, maslahat beriji häsiýetdäki halkara resminamasy bolup durýar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi yglan edildi

BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

1-nji synp okuwçylaryna 142 müň 698 sany kompýuteri sowgat bermek meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar