TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Manisa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan dabara

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dünýäniň çar künjeginde dürli çäreler guralýar. Şeýle çäreler doganlyk Türkiýe Respublikasynda hem yzygiderli geçirilýär.

Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Türkiýe Respublikasynyň Karabük, Uşak we Manisa Jelal Baýar uniwersitetlerinde ylmy maslahat we dabaraly çäreler geçirildi.

2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Manisa Jelal Baýar uniwersitetinde geçirilen dabara ýokary okuw mekdebiniň prorektory Ipek Özunan, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkmenistanyň Stambul şäherindäki baş konsuly Myratgeldi Seýitmämmedow, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Iki ýurduň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideofilm görkezildi. Soňra dabaraly konsert geçirildi. Onda türkmen talyp ýaşlary aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, milli tanslary bilen çykyş etdiler.

Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Türkiýe Respublikasynyň Karabük, Uşak we Manisa Jelal Baýar uniwersitetlerinde geçirilen dabaralara Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti hem işjeň gatnaşdy. Manisadaky dabarada hem raýdaşlyk jemgyýetiniň baş sekretary Uktam Islamkulowyň ýolbaşçylygynda sergi guralyp, onda ýurdumyzyň milli mirasy görkezildi. Şeýle hem myhmanlar “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen tanyşdyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle