TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Mango ýagynyň adam saglygyna peýdasy

Mango ýagyny nahar bişirmekden tä derini ideg etmek ýaly islendik ýerde ulanmaklyk mümkin. Şeýle hem mango ýagyny öýde hem taýýarlap bolar. Ýagy taýýarlamk üçin Internet ulgamyndaky dürli çeşmelerden görüp taýýarlap bilersiňiz.

Biz mango ýagnyň täsirleri barasynda aýdanymyzda:

Tagamly ýag bolanlygy sebäpli mangonyň ýagyny dürli işdäçarlarda we et önümlerinde ýa-da gowrulan gök önümlerde gowy tagam döredýänligi üçin peýdalanyp bolýar.

Bilermenleriň bellemegine görä, mango ýagynda A, B, C, D we E witaminleri, şeýle hem kalsiý, demir, fol turşusy we magniniň bar bolmagy, bularyň hemmesi deriňiziň we saçyň saglygy üçin örän peýdalydyr.

Mango ýagy, gurak deri we gurak saçlary üçin güýçli nemlendiriji ergin bolup, saçy we derini her dürli zeperlerden, esasanam tomsuna gün şöhlesiniň ýetirýän zeperlerinden goramagyň iň oňat usullaryndan biridir.

 Baýramgözel Hümmedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

Türkmenistanda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle