TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Mango miwesi

Mango miwesiniň watany Hindistan hasaplanylýar. Ol Hindistanyň, Päkistanyň we Filippinleriň milli miwesidir. Häzirki wagtda mango agaçlary tropiki we subtropiki howa şertlerinde, Amerikada, Aziýada we Awstraliýada ösüp ýetişýär. Ýewropa ýurtlarynyň içinde diňe Ispaniýada mangonyň ösüp ýetişmegi üçin amatly şertler bardyr. Bu miwäni dünýä bazarynda esasy eksport ediji ýurt bolup Hindistan çykyş edýär.

Hindistanda Ganesha hudaýy köplenç bişen mangonyň miwesi bilen şekillendirilýär we mangonyň ýapraklary köp sanly dini dabaralarda ulanylýar.

1908-nji ýyla çenli Hindistanda mangonyň ýapraklary bilen iýmitlenýän sygyrlaryň peşewinden sary boýag alyndy.

Mangonyň miweleri gyzyl, sary, mämişi ýa-da ýaşyl reňkde bolýar. Onuň miwesi dünýäniň köp ýurtlarynyň aşhanalarynda ulanylýar. Adatça ony dürli görnüşli işdä açarlary taýýarlanylanda we kokteýlleri ýasamakda giňden ulanýarlar.

Günärta Aziýada mango pulpasy şeker we gatyk ýa-da süýt bilen garylyp, meşhur bolan içgi Mango lassini taýýarlanylýar. Mundan başga  hem mangodan tagamly içgiler we dürli görnüşli doňdurma önümleri ýasalýar.

Mangonyň miweleri uglewodlara ýagny, şekere we süýüme baýdyr hem-de ol öz düzüminde az mukdarda beloklary we ýaglary saklaýar. Onda A, С witaminleri, B topary we minerallar toplumy bardyr: kalsiý, demir, magniý, kaliý, mis we sink.

Mangodaky köp sanly polifenol erkin radikallar bedeniň wagtyndan ir garramagynyň öňüni alýar. Onuň düzüminden tapylan Tripterpen we käbir beýleki maddalar antikanser häsiýete eýedir.

Mangonyň 100 gram iýmitlik gymmaty 65 kkal-a deňdir. Onda 0,51 gram belok, 0,27 gram ýag we 15,2 gram uglewodlar bardyr.

 

Haýdarowa Ogulşirin,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

Ebrahim Raisi – Eýranyň täze prezidenti

 

 

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle