TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Mançester Ýunaýted”-iň ýeňşi

Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” 34-nji tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” “Aston Villa”-ny 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Birmingemiň “Willa Park” stadionynda geçirildi. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Bruno Fernandes, Meýson Grinwud we Pol Pogba tapawutlandylar.

Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” topary “Premýer-ligada” yzly-yzyna dördünji uly ýeňşini gazandy. “OptaJoe” twitter sahypasyndaky habara görä, her oýunda iň azyndan üç gol geçirip, bu “Premýer-liganyň” rekordy hasaplananyldy.

Angliýa çempionatynyň indiki tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” topary “Sautgempton” bilen oýnar. Duşuşyk 13-nji iýulda Mançesterde “Old Trafford” stadionynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle