TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Şu gün Angliýanyň milli futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynda “Mançester Siti” we “Mançester Ýunaýted” derbi duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda “Siti” topary taryhy ýeňşini gazandy. Iki toparyň arasynda geçirilen 187 duşuşygyň iň köp geçirilen oýnunda “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” toparyny 6:3 hasabynda derbi-dagyn etdi.

“Mançester Siti” topary düzüminde Erlin Holand 34-nji, 37-nji we 64-nji minutlarda, Fil Foden bolsa 8-nji, 44-nji we 72-nji minutlarda tapawutlanyp, her iki futbolçy het-trik etdi.

Norwegiýaly Holand täze toparynda uly üstünlikler gazanýar. Ol Angliýanyň çempionatynda eýýäm 3 gezek het-trik etmek üstünligine eýe boldy. Şeýle hem ol Angliýada ilkinji möwsüminde 14 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda hem öňe saýlandy.

Şeýle hem Holand futbol karýerasyndaky 15-nji het-trik üstünligine eýe boldy. Ol mundan ozal, bir duşuşykda 3 gol geçirmek üstünligini öň oýnan “Zalsburg”, “Borussiýa Dortmunt”, “Molde” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde gazanypdy.

Şeýlelikde, Holand Angliýanyň çempionatynda het-trik etmekden Kristiano Ronaldo bilen deňleşdir. Ronaldo bu üstünligi 232 duşuşykda ýeten bolsa, Holand ony bar-ýogy 8 duşuşykda gazandy.

“Siti” toparynyň düzümindäki Fil Foden karýerasyndaky ilkinji het-trik üstünligine eýe boldy.

“Mançester Ýunaýted” toparynyň portugal ýyldyzy Kristiano Ronaldo şu möwsümde ilkinji gezek ätiýaçda galdy.

“Mançester Siti” topary Angliýanyň çempionatynda bir duşuşykda 2 futbolçysy 3 gol geçiren 3-nji topar boldy. Mundan ozal, 2003-nji ýylda “Arsenal” topary Jermen Pennant we Rober Pires  hem-de 2019-njy ýylda “Lester” topary Jeými Wardi we Aýoze Peres ýaly futbolçylary bilen şeýle üstünligi gazanypdy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle