TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Mämi Çaryýew

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy:
  • Doglan ýeri: Mary welaýatynyň Baýramaly etraby
  • Doglan senesi: 1940-njy ýylyň 12-nji ýanwary
  • Aradan çykan senesi: 2005-nji ýylyň 9-njy iýuly
  • Bilimi: Ilki oba mekdebi, 1956-1960 –njy ýyllarda Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi,1970-1974-nji ýyllarda aýdym-saz ugrundan Moskwanyň döwlet medeniýet institutynda gaýybana okaýar. D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiň talyby döwründe ol paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde hor toparyna ýolbaşçylyk edýär.
  • Gysgaça maglumat:

    1960-njy ýylda sazçylyk mekdebi tamamlap, dogduk mekany Mary welaýatyna barýar. 1961-nji ýylda ol ýerde «Halk döredijilik» öýünde işläp başlaýar. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň ýanynda «Murgap owazlary» aýdym-saz toparyny döredip çeper ýolbaşçysy bolýar. 1967-nji ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar. Şol ýyllarda Mary oblast filarmoniýasy açylýar we oňa Mämi Çaryýew direktor hem çeper ýolbaşçy bellenýär we bu wezipede 12 ýyl işleýär. Soňra ony paýtagtymyzdaky Mylly Täçmyradow adyndaky türkmen döwlet filarmoniýasyna ýolbaşçy bellenýär we ol tä ömrüniň ahyryna çenli şol wezipede işleýär. Ol 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar. Häzirki wagtda onuň 3 ogul, 2 gyz perzendi, 11 agtygy,8 çowlugy bar. Onuň maşgala agzalaryndan aýdym-saz ugrundan işleýänleri bar.

  • Döredijiligi:

    Mämi Çaryýew aýdym-saz sungatymyzyň estrada ugrunda dik durma ýerine ýetirijilik aýratynlygyny ilkinji başlan ussat halypalaryň biri. Onuň  ady agzalanda özboluşly hiç kimiňkä meňzemeýän hoş owazy bilen aýdan «Gara gyz», «Uruş bolmasyn!», «Ülkämiň toý saçagynda», «Seni küýsedim», «Dillen ogrynça», «Elwan güller», «Toýuma gel, toýuma», «Pagta ýygýan maşynymyz», «Aşgabadyň yşyklary»… we başga-da ençeme aýdymlary biygtyýar gulagyňda ýaňlanyp başlaýar. Özi akkordeon saz guralyny çalyp, ýerine ýetirýän aýdymlarynyň dünýäsi bilen sazlaşykly hereketde ýerine ýetirijilik sahna ussatlygy bada-bat göz öňüňde janlanýar. Şol pursat ol aýdymlara hiňlenip, öz-özüň aýdymyň dünýäsine siňeniňi duýman galýaň. Munuň özi Mämi Çaryýewiň juda zehinli, ussatlygyndan habar berýär. Onuň ussatlyk aýratynlygy, diňe bir ýerine ýetiriji däl-de, diýseň kän, hiç mahal könelmejek meşhur aýdymlary döredenliginde. Özem şol aýdymlaryň heňini-de, sözlerini-de zor bilen ýat tutmak hökman däl. Döredilenine ençeme ýyllar geçen aýdymlaryň sözlerem, sazam ýadyňdan çykanok. Ol aýdymlaryň arasynda zähmet hakynda-da, söýgi mowzugynda-da, watan waspy, tebigat gözellikleriniň waspy joşgunly beýän edilen aýdymlar-da bar. Mämi Çaryýew millilige ýugrulan her aýdymyň çuň manyly sözlerini sazlaşykly heňde diňleýjä düşnükli hem duýgy bilen ýerine ýetirmegiň ussatlygyny, döredijilik ussatlygyny ýaşlara nusgalyk ýol goýdy. Onuň aýdan aýdymlary häzirki günlerde-de tele-radio ýaýlymlar arkaly diňleýjilere ýetirilýär. Onuň «Bolmasyn, bolmasyn, uruş bolmasyn, Adamlar ölmesin, güller solmasyn!» diýip aýdan «Uruş bolmasyn!» atly aýdymy dünýäde parahat durmuşyň bolmagynyň tarapdary bolýan halkymyzyň ýürek sesi bolup eşidilýär. Halypa aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlaryny ýüzbe-ýüz diňlemek has-da üýtgeşik täsir edipdi. 20 ýyldan gowrak wagt geçdi, emma onuň ömrüniň soňky wagtlarynda janly sesde aýdym aýdan pursadynyň gözli şaýady bolupdym. «Tebigy zehini hiç bir tehniki enjamda sazlamagyň geregem ýok eken» diýdirdi. Şeýle, zehinleriň döredijilik hem durmuş ýoly hakynda geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilik döredilýän bagtyýar zamanamyz sungat wekillerine ganat berýär.

  • Çeşme: Bagşynyň maşgala arhiwindäki maglumatlar esasynda taýýarlandy
  • Taýýarlan: Akgül SAPAROWA.
  • Taýýarlanan senesi: 17/05/2022

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle