BIZNES

Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri Dato Seri Mohamed Azmin bin Aliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda biri-birini mähirli garşylap, taraplar iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüş dinamikasyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň wajyp ugurlary babatda pikir alşyldy. Türkmenistanyň ykdysady we energetiki potensialyna ýokary baha berip, Malaýziýanyň Ykdysady işler ministri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak işindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, şeýle-de ýangyç-energetika ugry boýunça geljegi bar bolan bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy barada belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu maslahatlaşmanyň türkmen-malaý ykdysady gatnaşyklarynyň geljekde çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berjekdigi, şeýle hem iki ýurduň döwlet we telekeçilik pudaklarynyň arasyndaky täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigi barada aýtdylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ministri: türkmen-azerbaýjan söwda möçberi 10 esse artdy

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

«Agro-Pak Türkmenistan – 2023» sergisi başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti «Halal EKSPO ─ 2023» sergisine gatnaşdy

Aşgabatda halkara forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan dünýäniň işewürleriniň üns merkezinde