BIZNES

«Malaý» gaz käni: 2024-nji ýylda 5 milliard 469,9 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Ozallar diňe çarwa ilatyna mälim bolan «Malaýdan» indi 40 ýyla golaý wagt bäri tebigy gaz alnyp gelinýär. Bu kän Türkmenistanyň dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmünde ykrar edilmeginde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan batly depginler bilen ösmeginde möhüm orun eýeleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

2024-nji ýylda bu känden 5 milliard 469,9 million kub metrden gowrak gaz alyndy. Mundan dört ýyl ozal, has takygy, 2020-nji ýylda bu ýerden 4 milliard 388 million kub metr gaz öndürilipdir. Biziň bu maglumata aýratyn üns bermegimiziň özüne ýetesi sebäbi-de bar. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Malaýa» gelipdi. Şol taryhy günde kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmaga niýetlenen «Malaý» gaz gysyjy desgasy işe girizildi.

Burawlanyp alynýan tebigy gaz uzynlygy 188 kilometre barabar bolan ýokary basyşly «Malaý» — «Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine berilýär. Ýeri gelende geçen ýylda bu gaz geçiriji arkaly akdyrylan mawy ýangyjyň 5,8 milliard kub metre golaý bolup, bu baradaky ýyllyk meýilnamanyň 125,7 göterim berjaý edilendigini-de nygtamak gerek. Gymmatly harytlyk önümiň agramly bölegi bolsa Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly akdyryldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen ilkinji aýynda «Malaý» gaz käni boýunça tebigy gazyň 444,4 million kub metri öndürilip, meýilnama 108 göterime golaý berjaý edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady foruma gatnaşar

Türkmenistan-Gazagystan: haryt dolanyşygy 1 milliard dollara ýetiriler

IFT-2025: ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Ata Watan Eserleri

«Ýyldyz»  myhmanhanasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 11 milliard dollar möçberinde maýa goýumlary çeker