TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

 Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyz işjeň ösdürilýär

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady. Fransiýanyň Prezidenti öz gutlag hatynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, medeni we ykdysady ulgamlarda işjeň ösdürilmeginiň dowam edýändigini nygtamakdan şatdygyny belläp geçdi.

Emmanuel Makronyň gutlag hatynda şeýle beýan edilýär: “Iýun aýynda geçirilen ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dördünji mejlisi özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna syn bermäge, şeýle hem lukmançylyk barlaglary ulgamynda öňdebaryjy fransuz guramasy bolup durýan Paster instituty bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda awgust aýynda ilkinji gezek tejribe alşylmagyny guramaga mümkinçilik berdi.

Suw ulgamynda hyzmatdaşlyk

Iýul aýynda strategik suw ulgamynda fransuz geologiýa we dag-tehniki barlaglary edarasy bilen Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy. Men şeýle hem maý aýynda Fransiýanyň atçylyk we çapyksuwarlyk instituty bilen «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň täze itergä eýe bolandygyna begenýärin.

Mundan başga-da, Siziň ynam bildirýän fransuz kompaniýalaryňyzyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändiklerini bellemek isleýärin.

Hemişelik Bitaraplyga uly goldaw

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň biziň hyzmatdaşlygymyzyň, hususan-da, arheologiýa we älem giňişligi ulgamynda çuňlaşmagy bilen alamatlanjakdygyna umyt edýärin. Fransiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamanyň kabul edilen pursadyndan başlap, yzygiderli goldaýar” diýlip bellenilýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle