JEMGYÝET

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanýar

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýynda  ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmek, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda netijeli işleri geçirmek barada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Maslahatda ýurdumyzyň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi hem-de bu babatda  öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Maslahatda edilen çykyşlarda halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler, milli parlamentiň deputatlarynyň okuw maslahatlaryna, döwlet syýasatynyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşmaklary barada durlup geçildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar