JEMGYÝET

“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny metbugatda dolulygyna çap edildi.

Şoňa görä, şu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Şeýle hem kanunyň 1-nji babynyň “Umumy düzgünler” bölüminde bellenilip geçilişi ýaly, şu Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär.

Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy döwlet tarapyndan goralýar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, onuň at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýär. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly günler kanunçylyk esasynda bellenilýär.

“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 4 bapdan we 18 maddadan ybaratdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar