TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO özüniň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna 64 dokumental ýygyndynyň goşulandygyny yglan etdi. Sanawda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy hem bar.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda onuň XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar. Munuň özi türkmen halkynyň we dünýäniň bütin türki dilli halklarynyň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň edebiýatynyň dilden we ýazmaça mirasynyň seýrek nusgasydyr. Magtymgulynyň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň senasy ýaly ýaňlanýar.

ÝUNESKO-nyň habaryna görä, ýygyndy ýakyn garyndaşlary, obadaşlary, şahyrlar, alymlar, şeýle hem bagşylar tarapyndan Magtymgulynyň asyl golýazmalaryndan göçürilen 80-den gowrak diwandan ybarat.

«Dokumental miras adamzadyň umumy hatyrasydyr. Ol ylmy derňew maksady bilen goralmaly we mümkin boldugyça köp adama elýeterli bolmaly. Bu biziň kollektiw taryhymyzyň esasy bölegidir» diýip, ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, «Dünýä hatyrasy» Sanawyna täze ýygyndylar 56 ýurtdan geldi we häzirki wagtda sanawdaky ýygyndylaryň umumy sany 494-e ýetdi.

Ýene-de okaň

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet hepdeligi geçiriler

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-4-nji iýun aralygy

Teswirle