MEDENIÝET

Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan konsert

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatyny uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny giňden wagyz etmekde Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyplarynyň amala aşyrýan işleri uludyr.

Ýurdumyzyň bu baýry sungat ojagynda dürli konsert maksatnamalary geçirilip, onda ussat mugallymlaryň halyplayk etmeginde talyplar ýaşlar türkmen hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň tanymal kompoziorlarynyň sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Ine, şeýle konsertleriň biri ertir, ýagny 8-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň talyplarynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de “Pähim -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan konserti bolar.

Ýene-de okaň

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy

Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri