SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy türkmeniň synmajak ruhy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry bilen dana şahyryň at-owazasyny, abraý-mertebesini älem içre has-da belende göterdi. Goşguda getirilýän «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» diýen setiriň özi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Ajaýyp şygyrdan ugur alnyp, raýatlardan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy şu ýyl diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejede dabaraly baýram ediler. Munuň sebäbi hem Magtymgulynyň goşgularynyň diňe türkmen halky üçin däl, eýsem Ýer ýüzüniň halklary, umumadamzat üçin niýetlenenligindedir. Onuň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Magtymgulynyň goşgularyny hemmeler uly höwes bilen okaýarlar, bagşylar aýdym edip aýdýarlar.

Magtymguly öz ýaşan döwründe türkmen tire-taýpalaryny agzybirlige çagyrypdyr, berkarar döwletiň gurulmagyny arzuw edipdir. Munuň şeýledigine şahyryň «Döker bolduk ýaşymyz», «Türkmen binasy», «Türkmeniň», «Islärin» ýaly ençeme ajaýyp goşgulary aýdyň güwä geçýär.

Özüniň ajaýyp kitabynda hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýşi ýaly, dana atamyzyň döredijiligi baýdyr, giňdir we gymmatlydyr. Onuň döredijilik dünýäsi aňyrsyna göz ýetmeýän asman, düýbüne aralaşyp bolmaýan umman ýalydyr. Akyldar şahyrymyzyň durmuş güllerinden boglan çemen mysaly goşgulary her bir adamyň kalp törüne ýag ýaly siňýär, durmuş ýollaryna şamçyrag bolýar. Şahyryň goşgulary halal zähmete ruhlandyryp, ýagty geljege çelgi bolýar. Olarda göwnüçökgünlige per bermeli däldigi, hemişe il-günüňe ýagşylyk edip, gowy arzuw-niýetde ýaşamalydygy baradaky ynsanperwer pikirler nygtalýar.

Häzirki döwürde halkymyzyň milli hem edebi gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy we ýardam etmegi netijesinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini hem çuňňur öwrenmäge, ony wagyz-nesihat etmäge uly mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyz beýik söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha bermek bilen: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip, örän jaýdar belleýär.

Magtymguly Pyragy türkmeniň synmajak ruhy. Ol agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň we parahatçylygyň, azat, erkin durmuşyň waspçysy. Akyldar şahrymyz ähli arzuw-umytlaryny, erk-islegini, ýagşy gylyk-häsiýetleri, halallygy, ahlak päkligini, ata-enä, mukaddes Watana, dostuňa, ynsanyň ynsana bolan söýgüsini sözüň üsti bilen setirlere salyp, okyjynyň kalbyna ýetirýär.

Bütin durky il-güne bolan çäksiz söýgüsi bilen ýugrulan, gözel türkmen topragyny keramatly käbesine öwüren Magtymguly Pyragy diňe öz döwrüniň däl, eýsem, halkynyň, geljekki nesilleriniň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ideýalary, beýik terbiýe mekdebini, aýdyň ýörelgäni döretdi. Her zady ilki özüňden başlamalydygyna, esasy daýanjyň bolsa öz agzybir halkydygyna ynanan Magtymguly Pyragy, hemişe bu pikire uýýar. Şonuň üçin hem halk oňa «Milli şahyr» diýen beýik ady beripdir. Munuň şeýledigine Magtymguly Pyragynyň özünden ozalky türkmen nusgawy şahyrlaryndan tapawutlylykda öz goşgularyny arassa türkmen dilinde ýazandygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmeniň şöhratly taryhyny äleme ýaýyp, halkyň geçmişinde uly yz galdyran görnükli şahsyýetleriň sarpasyny has belent tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary mydama aman bolsun!

Meretgeldi Çakanow, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Mekdep we mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň

pedagogika, psihologiýa mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz