SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy — dünýä ähmiýetli şahsyýet

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellenilip geçilýär. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň bitewi we jebis jemgyýetimiziň belent döredijilik ruhuny öz içine alýan hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan umumymilli baýram hökmünde bellenmegi biziň her birimizi watançylyk duýgusyna, uly ruhubelentlige besleýär.

Bu gün külli türkmen iliniň akyldaryň bir başa uýmak sargydyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ajaýyp baýram edilmegi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýä giňişliginde wagyz edilmegi biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. 1992-nji ýylda döredilen bu maksatnama dünýäniň aýratyn ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamagy, giň jemgyýetçiligiň olara elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular toplumy onuň XVIII-XIX asyrlarda ýurdumyzyň çäklerinde saklanyp galan golýazma eserlerini öz içine alýar. Biziň günlerimize gelip ýeten mirasyň bu seýrek nusgalary diňe bir türkmen halkynyň däl-de, ähli türki halklaryň, Merkezi Aziýa, Ýewropa edebiýatynyň hem gymmatlygydyr. Bu ýygyndy Magtymgulynyň golýazmalaryndan we onuň ýakyn garyndaşlarynyň, ildeşleriniň, şahyrlaryň, alymlaryň, halk bagşylarynyň dilinden ýazylyp alnan 80-den gowrak diwandan ybaratdyr. Häzirki wagtda Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambulyň gaznalarynda saklanýan golýazmalaryň nusgalary-da bar. Olaryň käbiri XVIII asyra degişli kitaplardyr.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň şu ýylyň maýynda Pariž şäherinde geçirilen mejlisinde makullanyldy. Bu çözgüt meşhur nusgawy şahyryň döredijiligini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän medeni diplomatiýany ählumumy derejede ilerletmäge hem ýardam eder.

Jemile Kulyýewa,

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy. 

Ýene-de okaň

Ahalteke bedewleri – milli buýsanjymyz

Saglyk döwletliligiň girewidir

Diýarymyz – sagdynlygyň mekany

Türkmen bedewine bagyşlanan sergi açyldy

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si we sag­lyk

Saglygy goraýyş ulgamynyň giň mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri