MEDENIÝET

 «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorina geçiriler

Magtymguly Pyragynyň ömrüne we dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorinanyň

DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň esasy maksady

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine goýýan belent sarpasyny, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmek babatda alyp barýan nusgalyk işlerini halkara derejesinde giňden dabaralandyrmak, diňe bir milli derejede bolman, eýsem dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň hem dana şahyryň edebi mirasa öwrülen baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaklaryny, çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär.

 

I. Bäsleşigiň şerti

Bäsleşik akyldar şahyryň döredijiliginiň özboluşly şahyrana we baý edebi mirasynyň gadyr-gymmaty hem-de daşary ýurtly tanymal ýazyjy-şahyrlaryň Magtymguly Pyragy barada aýdanlary, şeýle hem beýik akyldaryň öňe süren umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer ýörelgeleri barada ýazan goşgulary, terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary bilen baglanyşykly 3 dilde (türkmen, rus we iňlis) taýýarlanan test sowallary esasynda geçiriler. Ýeňijiler jogaplaryň dogrulygyna hem-de testi çözmek üçin sarp eden wagtyna görä kesgitlener.

 

III. Bäsleşigiň jemi

Bäsleşigiň jemleri boýunça Baş baýrak we degişli baýrakly orunlary eýelän, şeýle hem tapawutlanan gatnaşyjylar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanylar.

Wiktorina gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilen «Wiktorina gatnaşyjylar sowalnamasyny» dolduryp, bellige alynmaly. Resmi bellige alyş tertibi 2024-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne sagat 18:00 çenli dowam eder. Bäsleşige resmi hasaba alyşy geçen talyplara bäsleşige gatnaşmak üçin elektron salgy iberiler. Wiktorina 2024-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne sagat 15:00-dan sagat 18:00-a (Aşgabat wagty boýunça) aralygynda geçiriler.

Ýeňijiler kesgitlenenden soňra, elektron salgylara degişli hatlar ýollanylar. Olar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň çäklerinde geçiriljek dabaraly çärelerde guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanylar. Şeýle-de halkara onlaýn wiktorinada ýeňiji bolan talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary beýan edilen maglumatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýtynda hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynda çap ediler.

 

Habarlaşmak üçin:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýty: www.yashlar.gov.tm

Telefon belgileri: (+993 12) 44-88-73, 44-88-55.

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly noýabr aýynda geçiriler

“Owaz”- durşy bilen aýdym-saz    

Ata Watan Eserleri

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy