TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününde guralýan bu forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň özboluşly badalgasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. 

Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan göçme sergä aýlanyp gördüler. Nobatdaky gurultaý açyk diýlip yglan edilenden soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine guramanyň öňünde durýan möhüm meseleler, täze taryhy döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Forumyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi. Hasabatda Ýaşlar guramasynyň  2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi. VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar.

Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Arakesmeden soň, gurultaýyň işine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz ilki ýörite guralan göçme sergä aýlanyp gördi. Soňra hormatly Prezidentimizden ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş edip bermegi haýyş edildi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň eýeleýän orny, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýan Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle