TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti: «Açyk gapylar»

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti or­ta mek­dep­le­riň uçu­rym­la­ry­ny, es­ger­le­ri, önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän ýaş­la­ry we ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­le­ri 2020-nji ýy­lyň 7-nji we 16-njy ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da «Açyk ga­py­lar» gü­nü­ne ça­gyr­ýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek baradaky syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.

Sal­gysy: Aş­ga­bat şä­he­riniň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň 31-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­ belgileri: 94-67-30, 94-67-05.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle