DÜNÝÄ

                  Maglumatlary goramagyň halkara güni

         Hemişe maglumat adam durmuşynda iň möhüm wezipelerden birini eýeleýär. Adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň ählisi maglumatlar  gurşawy diýlip atlandyrylýar. Maglymatyň adama edýän täsiri boýunça köp sanly gözlegler, çuňňur ylmy işler bagyşlanýar. Olaryň netijesinde maglumatyň  adam tebigatyna we daş-töweregindäki dünýäsine täsiriniň esasy böleklerinden biridigi kesgitlenilýär. Maglumatlaryň jemgyýete ýetirýän täsiriniň uludygy nazara alnyp,  onuň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen  maglumat howpsuzlygynyň  halkara güni döredilýär.

Bu halkara güni kompýuter pudagyndaky iň uly halkara guramasy bolup durýan Hasaplaýyş enjamlary birleşmesiniň (ACM) başlangyjy bilen döredilip, 1988-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bellenilmegi ýola goýulýar.

Munuň ilkinji sebäbi Robert Morris tarapyndan 1988-nji ýylyň 2-nji noýabrynda döredilen MIT-de ARPANET-de kompýuterleriň köp sanly ýokaşmagyna sebäp bolan kompýuter wirusynyň epidemiýasy bilen baglanyşyklydyr.  Şol ýylyň noýabrynda hem CERT utgaşdyryş merkezi döredilýär.

Hasaplaýyş enjamlary birleşmesi  (ACM) ABŞ-nyň federal kanuny boýunça   1947-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda esaslandyrylýar. Ol dünýäniň 83 müň töweregi hünärmenini  özüne birleşdirýär. Guramanyň baş edarasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň  Nýu-Ýork şäherinde  ýerleşýär.

Bu döwürde maglumat howpsuzlygy bilen baglanyşykly dürli maslahatlar geçirilýär, mysal üçin ACM Kompýuter we aragatnaşyk howpsuzlygy konferensiýasy (CCS),  wiruslardan goramagyň usullary boýunça howpsuzlyk çäreleri  alnyp barylýar.

Birleşme her ýyl Týuring baýragyny. Greýs Mýurreý Hopper adyndaky baýragy berilýär. Şeýle hem onuň sanawyna Gýödel baýragy, Deýkstry baýragy, Knut baýragy, Gordon Bell baýragy we Paris Kanellakis baýraklary girýär.

ACM guramasy esasy işler  alnyp barylýan 170-den gowrak sebit şahamçasyndan we 35 sany ýörite gyzyklanma toparyndan (SIG) ybaratdyr. Mundan başga-da, 500-den gowrak uniwersitet bölümi bar. Guramanyň ilkinji talyp bölümi 1961-nji ýylda Lafeýetdäki Luizianna uniwersitetinde döredildi.

Käbir tematiki toparlar:

SIGACT[en]  – algoritmler we hasaplamalar teoriýasy;

SIGAI [en] – emeli intellekt;

SIGCHI-[en]  adam bilen maşynlaryň özara täsiri;

SIGCOMM [en] – maglumatlary geçirmek;

SIGGRAPH [en] – kompýuter grafikasy;

SIGKDD [en] – maglumat gazmak; SIGMM – multimediýa;

SIGMOD[en]  – maglumatlary dolandyrmak;

SIGOPS [en] – operasiýa ulgamlary;

SIGPLAN [en] – programmirleme dilleri;

SIGSOFT [en] – programma üpjünçiligini ösdürmek;

SIGWEB [en] – web tehnologiýalary.

şulary  görkezmek  bolýar. Bu tematiki toparlar yzygiderli maslahatlary, seminarlary gurnaýarlar, ýöriteleşdirilen žurnallary çap edýärler. Bu bolsa maglumat ulgamyndaky işleriň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna itergi berýär

 

                                                                                                                                                  Gözel EMINOWA,

                                    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

                                                                 žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl  talyby.

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy