TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) üç dilli sözlügi bilen Türkmenistanda ilkinji ykjam goşundyny işe girizdi.  IT Sözlük atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we MKT bilen gyzyklanýanlar ählisi üçin niýetlenendir.

Ýurduň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatda USAID ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyna dünýä derejesindäki sanly çözgütleri girizmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär. DGA USAID bilen hyzmatdaşlykda, ýurduň döwlet edaralarynda sanly ulgamlary ösdürmek maksady bilen MKT hünärmenleriň potensialyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barýar.

Sözlük esasy MKT adalgalarynyň gysga we anyk kesgitlemelerini hödürleýär. Gelejekde DGA bu goşundyny yzygiderli täzeläp, oňa ykdysady we ekologiýä adalgalarynyň sözlüklerini girizip ony kämilleşdirip durar.

DGA-nyň USAID bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň strategik ösüş maksatnamalaryna laýyklykda sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Geljegi bar bolan hyzmatdaşlyk ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň, ýerine ýetirji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we  ýerli öz özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary bölümleriniň hünärmenleri üçin gysga möhletli okuw kurslaryny geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu hyzmatdaşlyk akademiýanyň talyplaryny we döwlet gullukçylaryny halkara öňdebaryjy tejribesi we ýokary hilli bilim okuw materiallary bilen üpjün eder, şeýle hem Türkmenistanda döwlet gullugynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýärdam berer.

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Teswirle