Lýuşeriň Psihologik testi.

Bu testi geçmegiň usuly: testde size dürli reňkler hödürlener. Siz reňkleri göwnüňize ýaraýşyna görä yzygiderlikde ýerleşdirmeli. Emma reňk saýlan wagtyňyz saýlan reňkiňiz hiç bir zat (ulagyňyzyň, eşigiňiziň, halaýan fudbol toparyňyzyň reňki we ş.m…)  bilen baglanyşykly bolmaly däl.Şunuň ýaly testler adamyň pisihikasynyň ýagdaýyny, stressli ýagdaýlara durnuklylygyny barlamaga, onuň halaýan zatlaryny, kommunikatiw ukyplaryny  ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.Reňkleriň ýerleşişi Lýuşeriň testine has ýakyn gelse, bu psihikaňyzyň durnuklylygynyň alamatydyr.

Şeýlelikde, saýlan reňkleriňiziň yzygiderliligi şu 4 reňkden başlanýan bolsa, onda siziň psihiki ýagdaýyňyz durnukly:

  1. Sary reňk.

Şadyýan we açyk göwünli häsiýeti alamatlandyrýar. Bu reňkiň ilki saýlanmagy adamyň häsiýetiniň işjeň we pozitiwdigini aňladýar. Lýuşeriň

testinde bu reňkiň soňky saýlanmagy adamyň köpçülikden üzňe,  garasöýmez  we  ýekemezekdigini görkezýär.

  1. Gök reňk.

Gök reňki birinji we ikinji orunlarda goýan adamlar hemişe durnukly, arkaýyn häsiýetli durmuşlaryndan razy, konserwatiw adamlardyr. Gök reňki inkär etmek, ondan ýüz öwürmek we ony soňky orunlara goýmak  bir zady alada edýändigiňiziň we bimazadygyňyzyň alamatydyr.

  1. Gyzyl reňk.

Gyzyl reňki saýlanlaryň dürli derejede agressiw häsiýeti bardyr. Olar özlerinden we özüni gurşaýan adamlardan talapkärdirler. Gaýratly häsiýete eýedirler. Eger gyzyl reňk  sanawyňyzda yzky orunlary eýeleýän bolsa, diýmek, adam işjeň däldir we insiatiwasyzdyr.

  1. Ýaşyl reňk.

Ýaşyl reňki saýlan adamlar keçjal, emma özüne ynamly, tutanýerli we erjeldir. Bu reňki inkär etmek passiw, jogapkärsiz häsiýetiňiziň bardygynyň alamatydyr.

Indiki dört reňk psihologiýasy sagdyn adamyň sanawynda soňky orunlary tutmalydyr.

  1. Goňur reňk.

Bu reňki saýlamak göwnüňizde  aýdylman galan kinaniň, garşylygyň, nägileligiň bardygynyň alamatydyr. Beýle adamlaryň adatça häsiýeti agyrdyr. Jemgyýetden üzňe häsiýeti bardyr.

  1. Gara reňk.

Depressiýanyň, gorkynyň bardygynyň alamatydyr.

  1. Benewşe reňk.

Geň we özboluşly häsiýetiň alamaty. Bu reňki saýlanlaryň pikirlenişi käbir psihologik üýtgeşmä sezewar bolan.

  1. Çal renk.

Bu reňk birinji hatarda goýlan bolsa, diýmek, adam ähli syry açmaga taýyn däl. Ol açykgöwünli däldir. Beýle adamlar özlerini daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşykdan üzňe saklaýarlar.

   Gülälek Söýeşowa.

“Fila” markasy barada maglumat

 

                  



ÝENE-DE OKAŇ

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Gündogar» ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçiriler. Bäsleşik şu ýylyň24-nji...
Aşgabat şäher häkimligi Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Salgysy:...
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ozalky diýlip boljak kansleri Angela Merkeliň 16 ýyllyk döwri tamamlandy. Ýurduň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer kansler Angela Merkel we onuň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna resmi rugsat şahadatnamasyny gowşurdy. Merkel we onuň hökümet agzalary Germaniýanyň täze hökümeti düzülýänçe wagtlaýynça işlerini dowam ederler. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Merkeliň döwründe uly işleriň bitirilendigini, soňky 4 ýylda 600 kanunyň kabul edilendigini belledi. 1954-nji...
Haçan-da adam bagtly bolanda ol mydama gowudyr, emma hemme gowy adamlar mydama bagtly däl (O.Uaýld). Hemişe isleýän zadyňy etmeklik bagtlylyk däldir, emma ýerine ýetirip biläýjek zadyňy etmegi islemeklik bagtdyr. (L.Tolstoý). Bagtly durmuş haçan-da göwnüňde rahatlyk bolanda we hiç hili jogapkärçiligiň ýok ýerinde bardyr (Siseron). Bagt – bu berk jan saglygyň bolmagy we erbet ýadyň bolmagyndadyr (E.Feýer). Bagtsyzlykdan gülkünç...
Eýranda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň birnäçe ministrliklerinde gepleşikler geçirdi. Türkmen wekiliýeti Eýranyň Ýol we şähergurluşyk ministrliginde duşuşyklar geçirdi. Eýranyň "IRNA" agentliginiň habaryna görä, Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Rostam Kasemi Türkmenistan bilen ulag, energetika we söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda demirýol üstaşyr geçişini iki esse artdyrmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny belledi. Eýranyň ministri...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar