TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lukmançylyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul etdi.

Professor duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hem-de lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplanylan saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemişe goldaýandygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň maksada gönükdirilen tagallalarynyň we oýlanyşykly strategiýasynyň netijesinde Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda uly üstünlikleri gazanyp, öz raýatlary üçin dünýä ölçegleriniň derejesinde giň gerimli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edendigi bellenildi. Nemes lukmanlary özlerine bildirilýän ynam hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryna we taslamalaryna gös-göni gatnaşýandyklary üçin buýsanýarlar.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwrüň talaplaryna kybap gelýän adamlaryň saglygyny goraýan ýokary hilli ulgamyň döredilmeginiň kesgitlenendigini nygtady.

Şunda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli kämilleşdirmäge, ugurdaş ylymlaryň ösdürilmegine, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegine, daşary ýurtly kärdeşler bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GFR-niň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýan hünärmenleri bilen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman ylmyň soňky gazananlaryny, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň innowasion usullaryny iş ýüzünde netijeli ornaşdyrmak babatda özara peýdaly tejribeleriň alşylmagy bilen baglylykda, uly mümkinçilige eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň lukmançylygy yzygiderli esasda, “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda ösdürilýär, bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna Germaniýanyň hünärmenleri öz goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyz halkara ölçeglerine kybap gelýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde nemes nusgasyndan ugur aldy.

Germaniýaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ilkibaşdan uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýandygy nygtaldy. Şunda saglygy goraýyş boýunça yzygiderli geçirilýän türkmen-german maslahatlaryny netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde agzap bolar. Şolaryň gün tertibi bu ulgamda ileri tutulýan wezipeler göz öňünde tutulyp kesgitlenilýär.

Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygyň, bilelekdäki ylmy-barlag we okuw taslamalarynyň ugurlaryny kesgitlemäge, Diýarymyzyň hünärmenleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň lukmanlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahatlary we okuw maslahatlary geçirmäge, wirtual sanly tehnologiýalaryň has-da giňden ulanylmagy, ýokary lukmançylyk bilimi ugry boýunça gatnaşyklara täze itergi bermek maksady bilen, talyplaryň alşylmagyny işjeňleşdirmek babatda pikirini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda bütin adamzat üçin soňky onýyllykda örän möhüm wehime öwrülen dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem deglip geçildi. Türkmenistanyň bu howply ýokanjyň öz çäklerine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Ýer ýüzünde toplumlaýyn öňüni alyş çärelerini gören döwletleriň biridigi bellärliklidir.

Ýokanç we ýokanç däl keselleri öňünden duýdurmak, jemgyýetçilik immunitetini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan maksadalaýyk işler oňyn netijelerini berýär diýip, professor Klaus Parhofer nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, häzir adamlaryň saglygyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmagyň hem-de ylmy we amaly tejribeleri alyşmagyň iş guraly hökmünde lukmançylyk diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Klaus Parhofer döwlet Baştutanynyň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde, häzir Türkmenistanyň, hakykatdan-da, nusgalyk saglygy goraýyş düzümlerine eýedigini nygtap, biziň ýurdumyza gelen wagtlarynda özüne soňky ýyllarda türkmen lukmançylygynyň gazanan okgunly ösüşiniň şaýady bolmagyň nesip edendigini belledi.

Myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmenistanlylara iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkiýe wizesi barada täze maglumat :mobil biometrika

Baş Redaktor

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

Teswirle