TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Lowren “Zenite” geçip biler

Angliýanyň çempiony “Liwerpul” toparynyň horwat goragçysy Deýan Lowreniň Russiýanyň çempiony  “Zenit” toparyna geçip biler. Bu barada sport neşirleri habar berýär. Horwat goragçy erkin agent hökmünde bolup geçer.

Lowren ýokary ähtimallyk bilen iňlis topary bilen şertnamasyny bozup, “Zenite” goşuljakdygy bellenilip geçildi.

Lowren 2014-nji ýylyň tomsunda “Sauthempton” toparyndan “Liwerpula” geçdi. Onuň transferiniň bahasy 25,3 million ýewro deň bolupdy. Bu möwsümde 31 ýaşly goragçy Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” 10 oýnuna gatnaşdy.

Oýunçynyň “Liwerpul” bilen baglaşan şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. 2018-nji ýylda Horwatiýa milli ýygyndysynyň düzüminde Lowren dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle