DÜNÝÄ

Londonyň iň dar jaýy satuwda

Beýik Britaniýanyň London şäheriniň iň dar jaýy satuwa çykaryldy. Gözellik salony bilen lukmançylyk öýüniň arasynda ýerleşýän bu ýaşaýyş jaýy şäheriň iň dar jaýy hasaplanýar. Ony 1,3 million dollara satmak göz öňünde tutulýar. Jaýyň iň dar böleginiň giňligi 1,6 metre deňdir.

Bu jaýyň XIX asyryň ahyrylarynda XX asyryň başlarynda gurlandygy we irki döwürlerde başgap satylýan dükan hökmünde ulanylandygy mälim edilýär. 5 gatly jaýyň satuwyny amala aşyrýan “Winkworth” gozgalmaýan emläk edarasynyň satuw müdiriniň orunbasary Deýwid Maýers bu jaýyň Londonyň taryhynyň täsin bölegi bolup durýandygyny belläp, jaýyň ölçegleriniň dürli-dürli bolup durýandygyny belledi.

Aşaky gatyň ujundaky aşhana jaýyň iň dar bölegidir. 5 metr giňliginde bagy bar. Şeýle hem ýatylýan otag, iş otagy birinji gatda ýerleşýär. Spiral basgançaklar ikinji gatdan üçünji gatdaky esasy ýatylýan otaga alyp barýar.

Maýers bu jaýy ýaş jübüt ýa-da ýeke ýaşaýan bir adam tarapyndan satyn alynmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy