London bilen Tokionyň rekord söwda ylalaşygy

Beýik Britaniýa bilen Ýaponiýa erkin söwda şertnamasyna gol çekdi. Tokionyň kabul ediş öýünde geçirilen dabarada bu resminama Beýik Britaniýanyň daşary söwda ministri bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri tarapyndan gol çekildi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu resminama Londonyň Ýewropa Bileleşiginden çykanyndan soňky gol çekişen ilkinji möhüm şertnama boljakdygy bellenilýär.

Beýik Britaniýanyň daşary söwda ministri Elizabet Trass bu barada eden çykyşynda: “Köpler garaşsyz Beýik Britaniýanyň uly söwda şertnamasyny baglaşyp bilmejekdigini we munuň üçin köp wagt gerek boljakdygyna ynanýardylar. Emma bu beýle däl. Beýik Britaniýa gysga wagtda uly söwda şertnamasyna gol çekişdi” diýip belledi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi bu şertnamanyň iki ýurduň parlamentleri tarapyndan tassyklanylandan soň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje girjekdigini aýtdy. Eksport harytlarynyň 90% -den gowragy üçin ýygymlaryň aýrylmagy göz öňünde tutulýar.

Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Motegi hem öz gezeginde Ýaponiýanyň hökümeti Beýik Britaniýanyň Trans-Ýuwaş umman hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyny gazanmak üçin hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi.  Trans-Ýuwaş umman hyzmatdaşlygy – söwda nyrhlaryny azaltmak we maýa we tehnologiýanyň has erkin hereket etmegi üçin şertnamalar durmuşa geçirilýän sebitleýin gurama.

Beýik Britaniýanyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 34.8 milliard ýewro deň boldy we şu wagtky gazanylan ylalaşyk haryt dolanyşygyny 16.7 milliard ýewro artdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

ÝENE-DE OKAŇ

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy. Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy....
Ýewropa yklymynda Ýewro-2020 çempionaty dowam edýän döwründe Amerika yklymynda hem "Kopa Amerika" futbol ýaryşy badalgal aldy.
Okap bilersiňiz  Birža täzelikleri: iňlis telekeçileri ECO-93 benzinini satyn aldy
Braziliýada geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Braziliýanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň milli ýygyndysy 3:0 hasabynda, Kolumbýiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ekwadory 1:0 hasabynda utdy. Braziliýanyň düzüminda Markinos, Neýmar (11 metrlik jerime) we Gabriel Barboza tapawutlandy. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynda bolsa Kardena tapawutlandy. "Kopa Amerikada" ertir, ýagny 15-nji iýunda...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty gyzykly duşuşyklary bieln dowam edýär. Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilýän bu duşuşyklarda gyzykly hem-de çekeleşikli oýunlar geçirilýär. "D" TOPARY Sagat 18:00  Şotlandiýa  - Çehiýa Glazgo şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Şotlandiýanyň 1998-nji ýyldan bäri garaşýan pursaty - 23 ýyldan bäri esasy finala çykan ilkinji ýaryşydyr. "E" TOPARY Sagat 21:00  Polşa - Slowakiýa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek duşuşyk polşaly Robert Lewandowskiniň özüniň görkezmegi üçin...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn "Ç" hem-de "D" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar "D" toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi. "Ç" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa "Ç" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa...
Aýakgabyňyzy çykaryň. Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar. Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine,...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
834TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar