SPORT

Llorenteniň futbol eşigi söwda-satuwyna çykaryldy

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparynyň ýarymgoragçysy Markus Llorente şu ýylyñ Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda geýen futbol eşigini  söwda satuwyna çykardy. Ýagny, Markus Llorente bu eşigi bilen geçen ýyl Çempionlar ligasynyñ çempiony bolan Angliýanyň “Liwerpul” toparyna garşy duşuşygyny geçiripdi. Jogap duşuşykda “Atletiko”, “Liwerpul” toparyny 3:2 hasaby bilen ýeñdi. Llorentanyñ geçiren iki goly öz toparyny indiki tapgyra çykarmaga ýardam berdi. Taryhy duşuşykda Llorentanyñ egin-eşigi söwda-satuwynda 8.100 ýewro pul möçberinde satyldy we ondan gelen maliýe serişdesi dünýäde ýüze çykan koronawirus keseli bilen göreşmek üçin sarp ediler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler

Holand 5 gol bilen 54 ýyllyk rekordy täzeledi

BAE-de geçirilen Ýaşlar ligasynyň ýaryşynda türkmen karateçileri iki bürünç medal gazandylar

Ata Watan Eserleri

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi