TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Liwerpulyň” utulyşsyz döwri tamamlandy

Angliýanyň “Premier Liga” milli futbol çempionatynda çempionlyga ynamly ädim edýän “Liwerpul” toparynyň utulyşsyz döwri tamamlandy. 44 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän “Liwerpul” topary çempionatyň 22 tapgyrynda “Uotford” toparyndan 3:0 hasabynda ýeňildi.

Ýurgen Kloppyň ýolbaşçylygyndaky «Liwerpul» toparyna «Arsenal» toparynyň rekordyny täzelemek başartmady. “Arsenal” topary 2003-2004-nji ýyllarda yzly-yzyna 49 tapgyrda ýeňilmän rekord goýupdy. Şol rekordy täzelemek entäk başga topara başartmady. “Liwerpul” hem şol mümkinçiligi elden giderdi.

Ýöne “Liwerpulyň” 44 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelmegi Angliýanyň ýokary futbol ligasynyň taryhyna ikinji uly ýeňlişsiz topar hökmünde ýazylar.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle