TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Liwerpul” türgenleşige başlady

Angliýanyň “Liwerpul” topary koronawirus keseli sebäpli uly arakesmeden soñra özüniñ türgenleşik işlerine başlady. 19-njy maýda, ýagny şu gün “Liwerpulyñ” tälimçileri we oýunçylary özleriniñ türgenleşik meýdançalarynda ýygnanyşdylar.

Mersisaýdlylar Angliýanyñ “Premýer ligasynda” toparlaýyn türgenleşige başlan ilkinji topar boldy. Ýurgen Kloppyñ tälim berýän topary soñky iki aýdan soñra ilkinji türgenleşikleri boldy.

Golaýda toparlar Angliýanyñ “Premýer ligasy” bilen 19-njy maýdan başlap türgenleşik işlerine başlamaga ylalaşyga geldiler. Ýurduñ çempionaty 12-nji iýunda tomaşaçysyz başlamagyna garaşylýar.

Angliýanyñ “Premýer ligasy” 29-njy tapgyrdan soñ koronawirus pandemiýasy sebäpli arakesme yglan edildi. Çempionatyñ tamamlanmagyna dokuz tapgyr galypdy, onda 82 utuk bilen “Liwerpul” ynamly birinjiligini saklap gelýär.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle