TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Liwerpul” iň gymmat düzümli topar

Исследовательский центр “CIES Football Observatory” barlag merkezi Ýewropanyň düzümi iň gymmat futbol toparlarynyň sanawyny taýýarlady.

Barlagda Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlary – Angliýanyň “Premýer ligasy”, Ispaniýanyň “La Ligasy”, Germaniýanyň “Bundesligasy”, Italiýanyň “Seria A-sy”, Fransiýanyň “Liga 1-i” göz öňünde tutuldy. Bu çempionatlarda çykyş edýän toparlaryň iň ýokary baha bilen satyn alnan 20 futbolçysy seljerildi.

Şeýlelikde sanawda birinji orny Angliýanyň “Liwerpul” topary eýeledi. Onuň futbolçylarynyň umumy bahasy 1,4 milliard ýewro deň boldy. Ilkinji üçlüge – “Mançester Siti” (Angliýa) we “Barselona” (Ispaniýa) toparlary girdi.

Ilkinji 10-lyga giren toparlar:

  1. «Liwerpul» (Angliýa) – € 1,405 mlrd
  2. «Mançester Siti» (Angliýa) – € 1,361 mlrd
  3. «Barselona» (Ispaniýa) – € 1,17 mlrd
  4. «Real» (Ispaniýa) – € 1,1 mlrd
  5. «Çelsi» (Angliýa) – € 1,008 mlrd
  6. «Mançester Ýunaýted» (Angliýa) – € 1,007 mlrd
  7. «PSŽ» (Frasniýa) – € 979 mln
  8. «Atletiko» (Ispaniýa) – € 836 mln
  9. «Tottenhem» (Angliýa) – € 787 mln
  10. «Ýuwentus» (Italiýa) – € 783 mln.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle