Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynda möwsümiň ýeňijisi belli boldy. Angliýanyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen final duşuşygynda «Liwerpul» bilen «Çelsi» toparlary duşuşdy. Esasy 90 minuty 0:0 hasabynda deňme-deň tamamlanan duşuşygyň esasy wagtyna goşulan 30 minutda hem toparlara gol geçirmek başartmady.

Netijede, 11 metrlik jerime urgularyndan “Liwerpul” topary garşydaşyny 6:5 hasabynda utup, dünýäniň iň gadymy kubogyny gazanmagy başardy.

“Liwerpul” topary Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda 15-nji gezek çykyş etdi we 8 gezek bu kubogy gazanmagy başardy (1965, 1974, 1986, 1989, 1992, 2001, 2006, 2022).

“Çelsi” topary hem bu ýaryşyň finalynda 16-njy gezek oýnady we mundan ozal 8 gezek kubogy gazanmagy başarypdy.

Bu iki topar 2-nji gezek finalda duşuşýar. 2012-nji ýylda “Çelsi” ýeňiş gazanypdy.

Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryş 1871-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ol dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşy hasaplanýar. Bu kubogy iň köp “Arsenal” topary (14) gazandy. “Mançester Ýunaýted” 12 gezek gazanan bolsa, “Liwerpul”, “Çelsi” we “Tottenhem” 8 gezek kubogy gazanmak üstünligine eýe boldy.

SALAH ŞIKES ALDY, KLOPP REKORD GOÝDY

«Liwerpul» toparynyň müsürli futbolçysy Mohamed Salah duşuşygyň birinji ýarymynda şikes alyp, meýdançadan çykmaly boldy. Onuň Çempionlar ligasynyň finalynda “Real Madrid” bilen geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda şikes almagy köp sanly janköýerleri gynandyrdy.

Toparyň nemes tälimçisi Ýurgen Klopp bolsa Angliýanyň futbol çempionatynda özboluşly rekordy goýdy. Ol şol bir topar bilen Angliýanyň çempiony, Çempionlar ligasynyň, FA kubogyny, Liganyň kubogyny gazanmagy başaran ikinji tälimçi boldy.

Mundan ozal, Aleks Ferguson “Mançester Ýunaýted” bilen şeýle üstünligi gazanypdy.