SIZDEN GELENLER

Limon we onuň peýdalary

Gyş paslynyň golaýlaýan günlerinde bedeniň sagdyn bolmagy, kesellerden goranjylyk ukybyň ýokarlanmagy üçin jana ýokumly hem-de peýdaly iýmit bilen iýmitlenmelidir. Gyş möwsüminde С witaminine baý sitrus miwelerini iýmek diýseň peýdalydyr. Adamlar tarapyndan sitrus miweleriniň arasynda iň kän sarp edilýän görnüşi limondyr. Limon örän peýdalydyr. Onuň düzümi dürli witaminlere, organiki turşulyklara, tiamine we efir ýagyna baýdyr. Aslynda-da, limon diňe gyşda däl, eýsem, ýylyň ähli pasyllarynda-da elýeterli bolup, ondan dürli tagamlary, içgileri, şireleri, konditer önümleri taýýarlanýar. Aziýada limon ösümligi tagamly iýmiş hökmünde, dermanlyk häsýetleri hem-de onuň agajynyň gözel görnüşi göz öňünde tutulyp, “ekinleriň düri” adyny alypdyr.

Limon ynsan bedenini zerur peýdaly maddalar, witaminler bilen üpjün etmekde, saglygymyzy berkitmekde giňden peýdalanylýan miweleriň biridir. Onuň düzümindäki flawonoidler, C witamini we pektin ýaly peýdaly maddalar ýokary gan basyşyny kadalaşdyrmakda we ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda örän peýdalydyr. Kähalatlarda adamda ýokary gan basyşynyň çynlakaý alamatlary ýüze çykmaýar. Şeýle halatlarda arteriýanyň diwarlaryna güýçli zeper ýetmeginiň netijesinde, ýürekde we beýnide gan aýlanyşygy peselýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin gan damarlarynyň diwarlaryny giňeldiji tebigy serişde hökmünde limon we onuň şiresinden peýdalanmak maslahat berilýär. Limon sowuklama, dümew ýaly sökellikleriň hem bire-bir emidir. Ol bu keselleriň öňüni almakda we sökellikden soň saglygy dikeltmekde örän peýdalydyr. Bu önüme adamyň immun ulgamyny güýçlendirmek, berkitmek ýaly häsiýetler hem mahsusdyr.

Limon diňe bir dürli naharlaryň tagamyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ol saglyk üçin hem örän peýdaly, bu hiç kim üçin syr däldir. Ony iň gowy önümler bilenem utgaşdyrmak bolýar. Şonuň üçin soňky wagtlarda lukmanlar we dietologlar ýygy-ýygydan limon şireli suwy ajöze içmegi maslahat berýärler.

Organizmi arassalaýar. Ajöze içilen limonly suw organizmden toksinleri we zyýanly maddalary çykarýar. Limon tagamy boýunça örän turşy, ýöne haçan-da olar organizme düşenlerinde, biohimiki reaksiýa bolup geçýär. Netijede, kislota-aşgar deňagramlylygy aşgar tarapa üýtgeýär. Limon şiresi bagryň işini güýçlendirýär, ol toksinleri işjeň çykaryp başlaýar, suw bolsa olary ýuwup aýyrýar.
Içegäniň işine kömek edýär. Içgi bir günüň içinde iýmiti siňdirmäge kömek edýär. Limonly suw meteorizmde we iç ýöremezlikde kömek edýär.
Agramyň azalmagyna ýardam edýär. Agramyňy derrew azaltmak üçin, organizm aşgarlanylmaly, sebäbi ähli himiki reaksiýalar aşgar sredasynda gowy geçýär. Ýaňy belläp geçişimiz ýaly, limonly suw aşgar sredasyny goldaýar. Şeýle-de, limon düzüminde açlygy az duýmaga kömek edýän pektin bar. Siz çaşka çaýy ýa-da süýtli kofäni limonly suwa çalyşsaňyz, kaloriýany az kabul edersiňiz.

Gadymda, häzirki döwür hem limonyň gabygy-da giňden peýdalanylýar. Adamlar dişleriniň etiniň sagdyn bolmagy üçin, limon gabygynyň iç tarapy bilen dişiň etine sürtüpdirler. Limonyň gabygyndan efir ýagy alnyp, ondan dermanlyk we kosmetiki serişdeleri taýýarlanýar. Limony saýlanyňda, onuň gabygynda hiç hili goňur tegmiller bolmaly däldir, şeýle-de olaryň ter görnüşini almaly. Sowuk uran limonda hiç hili peýdaly witaminleriň bolamaýandygyny unutmaň! Galyň gabygy bolan limon ýuka gabyklydan peýdaly hasaplanýar. Çaklamalara göra, limon hytaý sözi bilen “li-mung” sözünden emele gelip, ol “ejeler üçin peýdaly” diýen manyny berýär. Limon agajy, takmynan 5-8 metr aralygynda boý alýar we 40-45 ýyla çenli bol miwe berýär. Onuň bir agjyndan 500-e çenli miwe almak bolýar. Bir ýylyň dowamynda limon hasylynyň 14 million tonna golaýy ýygylyp, sarp edilýär. Limon agajy gür şahaly hem-de gür ýaprakly bolansoň, olary ýygy ýagdaýda ekmek bolýar. Biziň tebigy ýagdaýymyza görä limon agajy ýörite ýyladyşhanalarda ekilip, onuň bol hasyl bermegi üçin ýaramly howa şertleri döredilýär. Türkmenistanda limom agajy hem köpçülikleýin, hem aýry-aýry hojalyklaryň oz mellek ýerlerinde ekilip, halkymyzyň bereketli saçaklaryna ýetirilýär.

Selbi HUDAÝBERDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

Hakyda göwheri – şöhratly mirasyň beýany

Milli däp-dessurlarymyz – terbiýe ojagy

Milli lybaslarymyz – milli buýsanjymyz