TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Lifizm – liriki filosofiýa

Biz bu essämizde umumy sözlerden peýdalansagam, umumy oýlanmalardan saklanarys we onçakly geň eșdilmese-de del pikirleri öňe sürmäge calșarys. Bu pikirleriň iň wajyby bolsa lifizm ýagny liriki-filosofiýadyr. Geliň biz söýgini dürli sözoýnatmalar arkaly däl-de ylmy-logiki 1. Material derejede söýginiň hiç hili agramy, reňki, sypaty, tagamy we ș.m ýokdur, ony görübem, tutubam bolmaýar. 2. Utaperski derejede (ýüregiň ähli duýgy tolgunmalarynyň jemi. Syzgy, rehim, șatlyk, gam, arzuw, erk… we ș.m) söýginiň agramy, sypaty, tagamy bolýandyr, ony görübem, görkezibem bolar. 3. Söýgüniň sütüni birem bolsa șahalary köpdür. Ol diňe bir zada däl-de ähli zada döräp bilýändir. Ýagny Watana söýgi, bütin adamzada bolan söýgi, ylma söýgi, baýlyga bolan söýgi, gözel gyzy söýmek, dine bolan söýgi  we ș.m. Söýgi hadysasy bir alamat bolsa-da ol zatlara degișlilikde görnüșlere bölünýär.Ýeňil söýgi-ýeňleslikdir, binamyslykdyr, agyr söýgi-mukaddeslikdir, keramatdyr. Bu aýdanlarymyz ähli söýgüler babatda șeýledir. Yșk diýilen aňlatma söýgi düșünjesiniň iň ýokary derejesidir. Söýgi hakynda dürli sözler näçe diýseň tapdyrýar. Bärde bize hakyky gürrüňler gerek. Șonuň üçin biz bu söýgi hakdaky traktatymyzda bașardygymyzdan hakykata golaý gürrüň etmäge calșarys. Söýgini düșündirmek kyn emma bu onuň ýoklugyny aňlatmaýar. 1-nji hakykat söýginiň her bir adam bedeninde barlygydyr. (emma ony göz ýa-da burun ýaly ine diýip görkezip bolmaýar). 2-nji hakykat her bir adamdaky bașlangyc söýgi-dirilikdir. Dirilik bu ýașaýșa bolan söýgüdir. Ähli beýleki söýgüler șol söýgüden gözbaș alýar. Ýeri gelende aýtsak söýgi öz gezeginde (kalp, göwün, nebis, paýhas, ukyp, ynsap we ș.m) ýaly sobisetik detaldyr. Sobisetika (söz bilen subut etmek) tebigatyň kanunlary ýaly material derejede subut edip bolmaýan, emma hakykatda barlygy jedelsiz zatlar.Biz häliden bäri esasy zady aýtmagy ýadymyzdan çykarypdyrys. Söýgi hadysasy bir bolsa-da ol iki sany uly akyma bölünýär. 1-nji akym Ýașaýyșda ähli ýüze çykmalara bolan söýgi. (men bulary ýokarda-da sanapdym. Olary ýene gaýtalamakdan saklanýaryn) 2-nji akym. Är-aýal söýgüsi. Beýleki ähli zada bolan söýgi birleșip bir akym bolýan bolsa. Mașgala (așyk-magșuk) söýgüsi özbașyna bir akymdyr.   Çünki är-aýal söýgüsi-mașgala söýgüsidir, ojak söýgüsidir, perzent söýgüsidir. Iň gyzykly ýeri hem köp derejede sen söýgä däl-de söýgi saňa buýurýar. Ol seniň diýeniňi däl-de sen oň diýenini edmeli bolýarsyň. Biz söýdügimizçe șol zat süýjeýär. Biz söýdügimizçe ol zat begelýär. Biziň söýdügimizçe o zadyň bahasy gymmatlaýar. Söýgüniň çöwre tarapy ýigrençdir. Ýigrenç kalbyňy garratýar, söýgi ýașartýar. Käbirleriniň düșünjesine görä (șeýle düșünýänler araňyzda-da bardyr) söýgüni başga duýgular esasynda ýaşamagy saýlaýarlar.  Eger bu hakykatdanam șeýle bolsa söýgi-binamyslyk bolardy. Emma söýgi-namyslylykdyr. Namysyň ýok ýerinde söýgi hem ýokdur. Ar-namysyň gülläp ösen ýerinde söýgi hem gülläp öser. Gyza bolan söýgi bilen cäklenmeýär. Takyk ylymlary (fizika, matematika, biologiýa, algebra, himiýa, genetika)  beýan edýänler bilen ýeper ylymlary (edebiýat, filosofiýa, tankyt, logika,taryh, syýasat) beýan edýänler deň gürlemeýärler. Men ýokardakylaryň ikinji toparyna girýänligim üçin lukmançylygyň dilinde gürläp bilmeýärin. Meniň pikirimce söýgüni diňe çeper dilde beýan etmek dogrudyr. Çünki ol takyk ylymlara däl-de ceper ylymlara degișli. Söýgüni söýmeýän ýok, emma hakyky söýgi biçak az adamda ýüze cykýar. Șol mynasybetli söýgini iki basgançaga bölüp bolar. 1. Basgançak: hakyky söýgi. Bu esasan  genlerde döreýär. Olar söýen zatlaryna, ilki bilen ynanýarlar soňra sarpa goýýarlar, has soňra bolsa bil baglaýarlar. Olar söýgülerine çokunýarlar we beýlekileriňem çokunmagyny gazanýarlar. Sungat we ylym özünde uly söýgüni jemleýär. 2.Basgançak:Adaty söýgi. Bu her bir adaty adamda bar duýgudyr. Söýgi esasan iki sany özbașdak uly sütüne baglydyr. Olaryň biri Ynsap sütüni, beýlekisi nebis sütüni. Ynsaba degișli söýgi beýik söýgidir. Nebise degișli söýgiň hili pesdir. Ynsaba degișli söýgi haýyra we halka gulluk edýär. Nebise degișli söýgi diňe özüne hyzmat edýär. Ynsaba sygynmak mukaddes söýgä sygynmakdyr.

Așyr Gurbangeldiýew,

Balkan welaýat, Serdar șäheriniň ýașaýjysy.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle