TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“LG” kompaniýasynyň akylly telefony

“LG” kompaniýasy täze “LG Q61” atly akylly telefonyny alyjylara hödürleýär. 4 sany yzky kamerany özünde jemleýän bu akylly telefon amatly bahadan ulanyjylara ýetiriler. Bu akylly telefonyň bahasy 300 amerikan dollaryna barabar bolar. Onuň RAM-y 4 GB bolup, içki ýady 64 GB barabardyr.

Onuň selfi kamerasy 16 megapiksel, esasy kamerada 48 megapiksel bolup, mundan başga-da, has giňişleýin surata düşmek üçin niýetlenen kamerasyny 2 megapiksele barabar bolar. Bu akylly telefony 29-njy maýda Günorta Koreýada satuwa çykarylar. Onuň batareýasy kompaniýanyň beýleki akylly telefonlarynyňka garanyňda has kämil bolar.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle