TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“LG”-den üýtgeşik telefon

Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy “Wing” atly üýtgeşik bir akylly telefonyñ üstünde işleýändigini belledi. “Wing” akylly telefonyñ satuwa hödürlenjek senesi anyk berilmeýär. Ýöne şu ýylyñ ikinji ýarymynda çykmagyna garaşylýar. Akylly telefon barada aýdamyzda, telefonda öwrülýän ekran ýerleşdiriler. Öwrülýän ekranyñ aşagynda ýene bir ekran ýerleşdiriler. Ýöne onuñ diagonaly ýokardaky ekrandan kiçi bolar. Esasy ekran 6,8 dýum, goşmaça diagonal ekran bolsa 4 dýuma barabar bolar.

“LG Wing” akylly telefonunda Snapdragon 700 prosessory, esasy kamerasy 64 MP bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine 123 belgili ulgam ornaşdyryldy

Dubaý ýerde “Aýa” meňzeş myhmanhana gurýar

Ilkinji sürüjisiz awtobus Şotlandiýada ýola goýuldy

Teswirle