TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Lewandowski “Barselonada” oýnamakçy

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski bilen nemes toparynyň arasyndaky şertnamanyň möhletini uzaltmak baradaky gepleşiklerden oňyn netije çykmady.

Polşaly hüjümçi Ispaniýanyň “Barselona” toparynda oýnamak isleýär. Topar hem onuň bilen gyzyklanýar.

Ispan topary bu futbolçy üçin nemes toparyna 50 million ýewro hödürlemäge taýýar. Robert Lewandowskiniň “Bawariýa” topary bilen şertnamasy 2023-nji ýylda tamamlanýar.

Polşaly hüjümçiniň wekili Pini Zahawi “Barselona” toparynyň ýolbaşçysy Žoan Laporta bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Munuň hem futbolçynyň täze topary bilen şertnama baglanyşmaga mümkinçilik döredip biljekdigi bellenilýär.

Lewandowski 33 ýaşynda we 2014-nji ýyldan bäri “Bawariýa” topayrnyň düzüminde çykyş edip gelýär. Ol bu toparyň düzüminde 366 duşuşykda 339 gol geçirdi. Ol 6 gezek Germaniýanyň futbol çempionatynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Bu toparyň düzüminde köp sanly rekordlaryň eýesi bolan Lewandowski “Bawariýa” topary bilen Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy, Germaniýanyň 7 gezek çempiony bolup, ýurduň Kubogyny 3 gezek we Superkubogyny 6 gezek gazanmagy başardy.

 

2022-nji ýyldaky “Oskar” baýragynyň ýeňijileri

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle