TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Leroý Sane “Bawariýa” toparyna geçdi

Germaniýanyň Mýunhen toparynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli 24 ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşyldy. Geljek hepde ýarym goragçynyň täze möwsüme taýýarlyk görmek üçin türgenleşiklere başlajakdygy bellendi.

– “Bawariýa” uly maksatly güýçli topar. Täze synaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn we topar bilen türgenleşige başlamak isleýärin. Tälimçini Germaniýanyň ýaşlar toparynyň döwründen bäri tanaýaryn –diýip, Sane belleýär. Oýunçynyň transfer pulunyň 50 million ýewro bolandygy öň habar berlipdi. Oýunçynyň özi ýylda 17 million ýewro gazanar.

“Man Siti” toparynyň düzüminde ýarym goragçy iki gezek Angliýanyň çempiony boldy we bir gezek ýurduň kubogyny gazandy. Şeýle hem Angliýa ligasynyň kubogynda we Angliýanyň super kubogynda iki gezek ýeňiji boldy.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle