TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Alem giňişliginde et iýjek bolsaň

Halkara kosmiki stansiýasyna ilkinji gezek ýörite probirkada et eltildi. Ony stansiýanyň wekilleriniň biri 3D çap edijiniň kömegi bilen eltmegi başarypdyr.

«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, bu usul bilen kosmonawtlary geljekde beýleki azyk önümleri bilen hem üpjün etmek mümkin.

Eýýäm Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Russiýa Federasiýasynda hem-de Ysraýylda bio çap ediji arkaly bu işi amala aşyrmak boýunça aýgytly ädimler ädildi diýlip habarda aýdylýar. Eýsem, älem giňişliginde 1 kilogram etiň bahasy näçekä? Biler bolsaňyz, onuň bahasy 10 müň dollar. Gymmatmy? Ýöne 1 kilogram eti älem giňişligine çykarmak üçin 40 müň dollar çykdajynyň bolýandygyny hem ýatdan çykarmaň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle