TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Leipsig” ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy

Germaniýanyň bu topary 2009-njy ýylda esaslandyryldy. German topary Çempionlar ligasynyň çärýek final oýnunda Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan “Atletikony” 2-1 hasabynda ýeňdi. Taryhda ilkinji gezek Saksoniýadan gatnaşan toparyň ýaryşyň ýarym finalyna çykmagy futbol bilermenlerini haýran galdyrdy.

“Leipsig” topary ýarym finalda, ýagny 18-nji awgustda Fransiýanyň güýçli topary PSŽ bilen oýnar. PSŽ topary hem çärýek finalda Italiýanyň “Atalanta” toparyny duşuşygyň ahyrky minutlarynda, galyberse-de 3 minutyň dowamynda geçiren 2 goly bilen ýeňiş gazanyp, 25 ýyldan soňra ýayrm finala çykdy.

2009-njy ýylda esaslandyrylan “RB Leipsig” şu möwsümde Çempionlar ligasynyň pleý-off oýnuna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

“Zenit”, “Lion” we “Benfika” ýaly toparlar bilen bir toparçada çykyş eden, tälimçi Ýulian Nagelsmannyň ýolbaşçylygyndaky nemes topary bu toparçada birinji ýeri eýelpdi. Soňra “Tottenham” toparyny ýeňip, çärýek finala galypdy.

11 ýyl mundan ozal döredilen we Germaniýanyň 5-nji ligasynda çykyş edip başlan “Leipsig” topary geçen döwürde uly üstünliklere eýe bolup, Ýewropanyň iň naýbaşy ýaryşlarynyň bir hasaplanýan Çempionlar ligasynda ýarym finala çykdy.

Şeýle hem toparyň 33 ýaşly tälimçisi Nagelsmann Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykan iň ýaş tälimçi boldy.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle