TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Lawrow: gaz bileleşigi ähli gatnaşyjylar üçin bähbitli bolar

Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşan Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow metbugat brifingde Özbegistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň arasynda dörediljek gaz bileleşiginiň ähli gatnaşyjylar üçin bähbitli boljakdygyny belledi.

“Sputnik” neşiriniň habar bermegine görä, 3 ýurduň arasynda täze bir taslamany döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Lawrow şeýle diýdi: “3 ýurduň arasynda, hususan-da döwlet Baştutanlary derejesinde bu giň göwrümli taslama maslahatlaşyldy, onuň tamamlanmagy energetika howpsuzlygyny berkider. Hemmeler üçin bähbitli bolar. Bu ýerde hem tebigy gaz üpjün edijiler hem-de tebigy gaz bilen gyzyklanýanlar bar. Haçan-da taraplaryň arasynda üstaşyr geçirmek, baha we ähli şertler hemmeleri kanagatlandyrsa, onda hemmeler utuşly bolar”.

Sergeý Lawrow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisinde bu meseläniň ara alyp maslahatlaşylmandygyny belläp, onuň GDA bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle