SIZDEN GELENLER

Lawr ýapragynyň dermanlyk häsiýetleri

Häzirki wagtda lawr ýapraklary halk lukmançylygynda, himiýa senagatynda we kosmetikada giňden peýdalanylýar. Bu ösümligiň ata Watany Ortaýer deňziniň töwerekleri hasaplanylýar.

Hünärmenleriň maslahatyna görä, ösümligiň ýapraklaryny ýygnamagyň döwri noýabr aýynyň ortasyndan fewral aýynyň ortalaryna çenli bolan aralykdyr. Arassa, kesel degmedik ýapraklar tegmilsiz, goýy ýaşyl reňkde bolup, onuň ýiti ysy bardyr.

Ýapragyň düzüminde efir ýagy, taninler, kamfor ýagy we kislotalar bardyr. Şeýle hem ol beloklary, ugelwodlary we A, B, С, PP witaminleri öz içine alýar. Bular bilen birlikde onda magniý, fosfor, natriý, sink, mis, selen, demir, marganes we kaliý ýaly elementler bardyr.

Lawr ýapraklary biologiki taýdan işjeň maddalaryň kömegi bilen dürli kesellere garşy göreşmek üçin taýýarlanylýan derman önümlerinde hem giňden peýdalanylýar.

Bu ýapraklar ukusyzlykdan ýa-da gaharjaňlykdan ejir çekýän adamlar üçin hem peýdalydyr. Onuň ýiti ysy hem-de nahara atylyp ýapragyň tagamy nahara çykanda adamyň nerw ulgamyna ýuwaşlyk bilen täsir edýär.

Lawr ýapraklary wiruslaryň ýokuşmagynyň öňüni almaga, möwsümleýin keseller wagtynda adamyň immunitetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Lawr ýapraklarynyň düzüminde bar bolan mikro we makroelementleriň kömegi arkaly deride ýüze çykýan kesellere ýagny, düwürtiklere, ýagly gabyklara we gowşak saçlara garşy göreşmek üçin ulanylýar.

Ganyň düzümindäki süýjüni peseltmäge we uglewod balansyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär. Ol diňe süýji keseliniň başlangyç döwründe täsir edýär.

Orazowa Merjen

Tohu-nyň talyby

2657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz