TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«Lamborghini»-niň täze ulagy

Italiýanyň sport awtoulaglaryny öndürýän «Lamborghini» kompaniýasy “Huracan” superkarynyň täze görnüşini hödürledi. Ol “Huracan RWD Spyder” diýlip atlandyryldy.

Awtoulagyň agramy 1509 kilograma deň bolup, superulagyň bezeginde alýumin we birleşdirilen materiallar ulanyldy. Bu ulagyň 5,2 litrlik “V10” hereketlendirijisi 610 at güýjüne eýedir. 0-dan 100 kilometre çenli tizlenmek üçin bary-ýogy 3,5 sekunt gerek, iň ýokary tizligi bolsa sagatda 324 kilomtre deňdir. Italiýanyň dünýä belli kompaniýasynyň täze ulagynyň satuwy şu tomus başlar. Häzirden sargytlar kabul edilip başlandy. Mysal üçin, ABŞ-da bu superulagyň bahasy 229,5 müň dollara deň bolar.

 

Ýene-de okaň

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Teswirle