TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Ladybird” – ekinleriň ösüş ýagdaýyna gözegçilik edýän robotdyr

Oba senagat toplumynyň esasy düzüm bölegi bolup durýan oba hojalyk pudagynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, ekinlerden alynýan hasylyň möçberini hem-de mallaryň önümliligini artdyrmak öňde goýulan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle wezipeleri üstünlikli çözmeklige we ýokary ykdysady netijelilikleri gazanmaklyga uly itergi berýän güýçleriň biri-de oba hojalygy üçin niýetlenen robotlardyr. Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň oba hojalyk önümçiliginde dürli işleri ýerine ýetirýän robotlaryň birnäçe görnüşleri giňden peýdalanylýar. Şolaryň biri hem “Ladybird” robotydyr.

“Ladybird” roboty gök ekerançylyk üçin ýörite niýetlenen robotdyr. Ol ekerançylyk pydagyna gözegçilik etmek we tehnologiki kartalary düzmek üçin ulanylýar. Ösümlikleriň ösüşine we olara zyýan beriji mör-möjeklere gözegçilik etmek üçin bu robotda birnäçe gurallar we gün panelleri bardyr.

Meýdan-synag işlerinde bu robot elektrik energiýasy bilen üpjün etmezden üç günüň dowamynda işläp biljekdigini görkezdi. Robotda meýdandaky haşal otlary aýyrmak üçin mehaniki gol hem ýerleşdirilendir.

“Ladybird” robotyny oýlap tapyjy Sidneý uniwersitetiniň professory Salah Sukkari öz oýlap tapyşyny geljekde ekinleriň hasylyny ýygnamak üçin ulanmaklygy meýilleşdirýär.

Taganowa Nurbibi

TOHU-nyň mugallymy

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle