Lady Gaga täze albomunyň diňleýjilere ýetirmäge taýýardygyny mälim etdi. Dünýä belli estrada ýyldyzynyň «Chromatica» atly täze albomy şu ýylyň aprel aýynyň 10-yna halk köpçüligine ýetiriler. Zehinli aýdymçy bu albomundaky käbir aýdymlaryň dünýä belli baýraklara eýe bolmagyna garaşýar. Diňleýjiler onuň täze albomuna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýetirýärler.