TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“La Ligada” aýyň iň gowy oýunçysy

“La Liganyň” resmi “Twitter” sahypasynda iýun aýynyň netijelerine görä, iň gowy oýunçyny yglan edildi. Oňa “Real Madridiň” hüjümçisi Karim Benzema mynasyp boldy.

Benzema, Fransiýanyň “Lion” toparyndan transfer edildi. Indi ol 2009-njy ýyldan bäri “Real Madrid” toparynda oýnaýar. Hüjümçi topar bilen bilelikde Ispaniýanyň çempionlygyny we kubogyny iki gezek, Ispaniýanyň Super kubogyny we “UEFA” Super kubogyny üç gezek, Çempionlar ligasynda dört gezek ýeňiş gazandy.

Karim Benzema 9 ýaşynda “Lion” toparynda tälim ulgamyna girdi. 17 ýaşynda möwsümde üç gol geçirip, iň oňat ätiýaçlyk toparynyň oýunçylarynyň birine öwrüldi. 2004-nji ýylyň dekabrynda Benzema “Lionyň” esasy toparyna goşuldy. 2009-njy ýyldan bäri bolsa, “Real Madridiň” lybasynda çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle